Taryh Bukjalarynda Gizlin galan Ýadigär Suratlar!…


Аннагелди сердар - Annageldi Serdar

Аннагелди сердар — Annageldi Serdar

(Dokumental Taryhy suratlary täzelendiriş)
Toronto — Dr. Hangeldi Ownuk: Şu görkezilen art kartynasy, arhyw materiallardan tapylan, documental vaka degiş 1920-nji ýyllaryň foto apparaty bilen çekilen suratyna esaslanylyp, işlenildi. Ol ýagly reňkde bolup, 100×60 möçberdäki holsyň ýüzünde, işlenildi.
Suratda mekan we degişli şahsuýetler:
Mekan: Hojanepes – Kartinanyň arka gorunişindäki manzar atyp duran oba Hojanepes (baçkground). Bu manzar bir mekanda alynan, şol bir wagtyň özündäki 2 mowzugdan galan surat. Bu işde şol şolara esaslanyldy.
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublykasynyň birinji sekertary (prezidenti), Gaýgysyz Atabaýewyň buýurugy esasasynda Türk Ofisserleriniň harby işöwüleriniň tarapyndan ýöriteleşdirilen “Türkmen Milli Harby Güýjini taýýarlaýyş “Harby Mekdebi””.1

Hojanepesde Türk ofiserleriniň türkmenlere harby mekdep açyp, söweş endiklerini öwreden pursatlary

Zaman: 1920-1925-nji ýyllar. Gajarlaryň soňky patyşalarynyň döwründe, Eýranda syýasy güçleriniň talabyna laýyklykda, Eýrandaky etniki milletler we şol sanda Türkmenler hem öz Milli hökümetini ýöretmage, Tähranda Milli Şura Mejlisiniň tarapyndan esasy kanun kabul edilip, ýöriteleşdirilipdir. Oňa merkezi butjetden aýlyk-günlik karar edilip tölenilipdir.
Şol esasda Türkmensährada Osman ahunyň baştutanlygyndaky hökumetiň harby güçleriniň ýörite taýýarlaýyş Mekdebini ýola goýulýar. Görkezilen kartinada şol döwüre degişli şahsyýetler we harby güýjiň agzalarydyr.

Tagsyr Osman ahun

Adamlar sagdan çepe: 
1. Annageldi Serdar (Ýomut taýpasynyň Japarbaý Şerip tiresiniň Kelte urugynyň Aj toparyndan bolupdyr.), Annageldi serdar Osman ahunyň goşunynyň serkerdeleriniň biri bolupdyr. Onyň topary göreşiň soňuna çenli Rza hanyň güýçleri bilen söweşýärler we şol ýolda hem şehit bolýarlar.

Rza han Türkmenleri ýaragsyzlandyrmak isläpdir. Annageldi serdar Rzahanyň ol talabyna jowap hökmünde, Sallah obasynyň ýakynyndaky bolup geçen aýgytly hüjümde, Palkownik Basyryň ýolbaşçylygyndaky botalýony kül-peýkun edýärler. Şonda, polkownik Basyr hem birnäçe serkerde toplary bilen öldürip, ujidlerini damagyna tykyarlar.»2

Emma, kowgy-hüjüm basgysyna girişen az sanly türkmen goşuny, Sallah obasyndan, Omçaly şäherçesine çenli aldym-berdimli söweş alyp baryarlar. Welin, Rzahanyň goşunynda türkmen içalylaryň bolmagyna garamazdan, olar az sanly topar bilen soňuna çenli göreşip, Annageldi Ajyň “serdar” lakamly kiçi ogly, Rzahanyň goşunyna geçen “Çakja serbaz” atly turkmenleriň biri ony oka düzýär.

Annageldi Serdar-1920-25

Biziň ýaşulylarymyz, hemişe Annageldi serdar we onyň gaýratly ogullary hakynda ýagşy niýetler edip ýatlaýardylar. Şol rowaýatlarda onuň şehit boluşy hakdynda, ýakyn kowumdaşlarynyň biri, ildeşimiz Edris Törrik şeýle gurriň berýär;
— “Ol gün Annageldi serdary atçapyşyk ýaryşyna, myhmaçylyga çagyran adam, ony meýdana çala ýakyn jähedinden toýa tarap alyp gaýdýär, ýolda gelişilerine ol adam (Myhman eýesi) atynyň ürüşmesini gyra çekýär welin, duýdansyz gelýän Annageldi serdary şol bada Rzaşanyň içalylary oka düzdiler emma Annageldi serdar duýdansyz galanam bolsa, çalasynlyk bilen güýjüne gelip Rzahanyň üç sany parahorlaryny heläk edýär.”.
Jenap Edris Törrük sözüni şeýle dowam berýär:
— “Her haçan dädem (kakam) Annageldi Aj hakynda hekaýalarynyň birini aýdanda, sozleriniň arasynda hapa bolup (damagy dolup) aglayardy! Annageldi serdar barada diňe bir bu hekýa däl-de, beýleki bir näçe bolup geçen hadisalar hakda gurriň berýärdi. Şolaryň arasynda, Onuň uly agasy Mämedaly şaha ýardam bermek niýeti bilen türkmenlerden goşun ýygyp Tährana hüjüme geçmegi we soň olaryň goşunynyň Meşrutaçy rewolusnerleriň tarapynda ýeňilip Türkmensähra dolanyp gelişinde Sagadabat atly obada mihmançylykda bolýarlar. Gynanç bilen ol baran ýeri Gazzaklaryň ýolbaşçysy Rzahan Mirpenjiň içaly dikmesi bolupdyr. Ol ýerde bu gaýratly agamyz hilegärlik bilen myhmanhanasy tarapyndan öldürülýär. Onuň aty dolanyp obalaryna gelende welin, bir ajayyp zat bolup geçdi. Bu at aglaýar! Howa, agamyň aty hem aglapdyr!”. …
2. Annageldi serdaryň uly ogly, 3. …?, 4. Kuwat aga Ýolma3 , 5. …?, 6. …?, 7. …?,

Annageldi serdaryň
Serdar lakamly ogly

8. Daşda görünýän offiser, Türk offiseriniň biri (Возглавлялось Советом племенных вождей и аксакалов с избранным президентом т.н. Туркмены Республики Осман ахуном, (Военнии) операциями под руководителями турецкии офицеры: Кадыр-Эффенди, Мустафа-бей, Худаяр-Эффенди, Мурад-бей, Султан-паша (Хан Йомудский).).
9. Eli tüpeňli ýigit, Annageldi serdaryň kiçi ogly, ol söweşiň içinde, Rza hanyň türkmen milletinden bolan içalysynyň tarapyndan, Omçaly şäheriniň ýakynydaky bolup geçen atyşykda, Çakja atly türkmen serbazyň oky bilen, bu edenlikli türkmen ýigidi heläk edýärler. Il arasyndaky aýdylýän rowaýatlara görä; Annageldi Serdar Kelteleriň Aj urugyndan bolandygyny we onuň 2 oglunyň ahlak-häsiýetleri barada şeýle gürriň berýärler: “- Annageldi serdaryň uly ogly “ýuwaş we sada” bolup, welin kiçi ogly söweäjeň we batyrgaý ýigit bolupdyr.”.
Şu ýokardaky berilen maglumatlar hakda aşakda bir näçe rusça, farsça we türkmençe dillerde berilen makalalara ünsiňizi çekýärin:
Daşda görünýän offiser, Türk offiseriniň biri (Возглавлялось Советом племенных вождей и аксакалов с избранным президентом т.н. Туркмены Республики Осман ахуном, (Военнии) операциями под руководителями турецкии офицеры: Кадыр-Эффенди, Мустафа-бей, Худаяр-Эффенди, Мурад-бей, Султан-паша (Хан Йомудский
Il arasyndaky aýdylýän rowaýatlara görä; Annageldi Serdar Kelteleriň Aj urugyndan bolandygyny we onuň 2 oglunyň ahlak-häsiýetleri barada şeýle gürriň berýärler: “- Annageldi serdaryň uly ogly “ýuwaş we sada” bolup, welin kiçi ogly söweäjeň we batyrgaý ýigit bolupdyr.”.
Şu ýokardaky berilen maglumatlar hakda aşakda bir näçe materiallary 1994-nji ýyllarda dissertasýama goýberipdim!Ünsiňizi şol makalalara çekýärin:
Исторический словарь от д-р Кадиров Шохрат Ходжакович

Tagsyr Osman ahun

Освободительная движение у туркмены Ирана в 1924-1925: восстание Туркмен в Иране (май 1924- май 1925).
Освободительная движение под лозунгом туркменской автономии. Был вызван мероприятиями правительства Ирана по переводу кочевых племён к оседлости.
«Возглавлялось Советом племенных вождей и аксакалов с избранным президентом т.н. Туркмены Республики Осман ахуном, (Военнии) операциями под руководителями турецкии офицеры: Кадыр-Эффенди, Мустафа-бей, Худаяр-Эффенди, Мурад-бей, Султан-паша (Хан Йомудский).5
Потерпело поражение в результате внутриплеменных разногласий и отсутствия внешней поддержки. В конце 1925 св. 3000 туркмен-повстанцев беженцы в ТССР, позднее исчезнув в сталинских лагерях. Оказало влияние на антишахские волнения 1926, охватившие гарнизон в пос. Морава-тепе и гг. Кучан, Боджнурд, Ширван. Библ.:
Olson, Robert. The Turkoman rebellion in Eastern Iran in 1924-25: the Soviet Unions reaction. Central Asian survey, 12 (4), 1993, pp. 525-529.
****
Osman ahun hakda gysgaca maglumat (1925)

Arkada duran surat, Tagsyr Osman ahun

Dr. H. Ownuk: 1924-nji ýylyň Ulug Gurultoýy esasynda türkmenleriň Başbakan ýolbasçylygyna saýlanan Osman ahunyň portreti hakynda gysgaça bellik

20-nji asryň 3-nji on ýyllygynyň ortalarynda, Eýranda ýüze çykan syýasy gapma-garşylyklar; ýagny, bir tarapdan Meşruteçilik Ynkylabynyň özgerişlikleri, ikinji bir tarapdan Gajar soltanlyklarynyň döwlet dolanyşygynda näbelet alyp baran syýasatlary esasynda, Eýranda türk däl bir döwleti dikmek maksady bilen, uly güýçleriň tarapyndan Rza han Mirpenjiň ilkinji döwlet agdaryş prowokatsiýasyny amala aşyrmaga şert döredi. Gajar türkmenleriniň hökümdarlygy synandan soň, Türkmensähra türkmenleri öz ykbalyny özleriniň çözmekligi, zerur ýüze çykdy. Şeýle şertiň döremegi esasynda, Türkmen ýaşulylarynyň tarapyndan Türkmensähranyň Omçaly şäherinde “Ulug Gurultaý” ady bilen ýygnanşyk geçirilmegi karara gelindi. Ulug Gurultaýyň Mejlisiniň gidişinde, Hywa we Buhara şäherlerinde ýokary bilim alan Kümüşdepeli ruhany alym tagsyr Osman ahun Türkmen milletiniň başbakan ýolbaşçylygyna (prezidentlik wezipesi) bellenildi. Bu waka Mammedaly şanyň Orsýede gaçyp atmagy we yzysüre Gajar hanedanlygynyň synmagy hem Rza han Mirpenjiň döwlet başyna dikilmegi bilen, barabar düşdi.

Rza hanyň Omçaly Gurultaýynda çykarylan kararlaryny ykrar edendigine garamazdan, ol güýçli döwletleriň kömegi bilen ožüne goşun toplap, 1925-nji ýylda Türkmensähralaryna hüjüm etýär.Ol ilki Hojanepes bilen Kümüşdepe şäherlerini basybalyp, Türkmensähranyň uly hojalygy bolan Sallah obasyna ot berýär. Şunlukda Eýranda Türkmen Milli Döwleti synýar we Rza han Türkmensährany awtomat ýaraglarynyň güýji bilen basyp alýar.

Prezident Osman ahun öz ähli öwlady bilen täze döredilen Sowet Turkmenistana bosgunýar. SSSR-iň tarapyndan ynsan hukuklaryny goraýan konwanisýon kararyny ykrar edýändigine garamazdan, Osman ahuny türmä basyp, Sibir ýaly çet ýurtlara surgun etýärler.
Häzirki döwür türkmen taryhynyň bu beýik şahsyýetiniň ýeke-täk galan surety, şol serhet geçelgesinde olary, senedleşdirmek üçin alynan gadymy surat galypdyr. Bu surat Internet sahypalarynda ýerleşdirilipdir. Suratyň gadymylygyna garamazdan, onda bu beýik şahsyýetiň ýüz-keşbi anatomiýasy doly mälim bolup durýar. Görkezilen kartynada şol suraty ülňü hökmünde gözöňüne tutulyp, 95×62 ölçegde ýagly reňk bilen işlenen işdir.
********
Eýran Türkmenleriniň Azat edijilik gozgalaňyny goldamakda, Gaýgysyz Atabaýewiň roly
ایران تورکمنلرینینگ آزاد ادیجیلیک غوزغالانگئنی قولداماقدا٬ غایغئسئز آتابایفینگ رولی
XX asryň I-nji ýarymynda Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, Eýran türkmenleriniň taryhy ykbaly ugurunda Osman ahunyň “Halk azatedijilik hereketi”, esasy syýasy waka bolup geçýär. Ol wakalar öz täsirini halk arasyndaky jemgyýetçilik we ruhy medeniýetine yz galdyryjy täsir ýetirip, olaryň soňky ýüze çykjak syýasy – jemgyýetçilik hereketlerinde hem edebiýatynda uly rol oýnaýar.
Ol wakalaryň birinjisi 1924-nji ýylyň 20-nji maýynda ähli türkmen taýpa-tireleriniň ýygnanyşyp geçiren Omçaly gurultaýyndan soň başlanan wakalar, olaryň Rza han Pahlewiniň goşunynyň garşysyna aýgytly alyp baran söweşleri bolupdyr. Bu söweşlerde Angeldi serdar hem onyň iki oglunyň alyp baran edenlikli söweşleri, taryhda nusga bolar, göreşleriň biri bolup ilarasynda diden-dile aýlanýar.
Taryh ylymlarynyň doktory, professor Hummat Ataýew “Eýran türkmenleriniň azat edijilik hereketi” atly ylmy işinde bu barada hakyky faktlary esasynda, takyk barlag geçiripdir. Türkmenleriň bu azat edijilik hereketiniň halkyň real azat edijilik jümmüşi we hakyky hereketidigini işde doly subut edilýär. (Autoreferat 15 sah. soňky 2 paragraf). …
O.S. Malikow bu gozgalaňyň käbir real taraplaryny ündäpdir. Ol Eýranyň 20-nji ýyllaryndaky gozgalaňyny beýan edip Eýranyň demirgazyk-gündogar gozgalaňlary barada şeýle ýazýar:
“1924-nji ýylyň ýaz aýynyň başlaryndaky başlanan syýasy hereketiň, yzysüresinde türkmenler bilen kürtleriň gozgalaňynyň örboýuna galmagyna sebäp bolýar.
Türkmenler özlerini Respublika yglan etdiler, (Oňa ýolbaşçylyk eden türkmenleriň wekili Osman ahundy). Eýranyň hökümeti köp azap çekip, bu gozgalaňy 1925-nji ýylda basyp ýatyrdy”.
Emma edebiýatçy alym A. Oraztaganow 1916-njy, 1924-nji ýyllardaky Gürgen türkmenleriniň erkinlik hukugyny almak ugrunda Eýran patyşalygyna garşy alyp baran hereketlerini “Reaksiýon hereket” diýip ýatlaýar. Ol şeýle ýazýar:
“1916-njy ýylda Gürgende türkmenler öz tire-taýpa serdarlarynyň reaksoýon syýasatyna ynanyp, ýokarda bolan çaknyşyk sebäpli, patyşa hökümetiniň harby otrýady tarapyndan heläkçilige sezewar edilipdir.”.
Şeýle ýalňyşlyklar 20-nji ýyllardaky Sowet Soýuzynyň (Birleşen Şurevi Jemhurylary) taryhçylarynyň, şeýle hem käwagt häzirki zaman Gündogarşynaslaryň işlerinde hem görünýär. Mysal üçin, I. A. Ýusupowyň işinde, “Eýran türkmenleriniň 1924-1925-nji ýyllardaky gozgalaňy prawokasiýon” -diýlip belläpdir.
Eger-de, bu halk azat edijilik hereketi şeýle reaksiýon mazmunly bolan bolsa, onda näme üçin ol Gaýgysyz Atabaýew tarapyndan goldanylypdyr? Emma J. Staliniň ters syýasaty Atabaýew dagylara bu hereketi goldamaga rugsat etmändir. Bu hakda taryhçy Аннаоразов, Жумадурды Сейтекович öz; “Gaýgysyz Atabaýew: Türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatynyň pidasy bolmaly däldir!” atly makalasynda şeýle nygtap geçýär:
“…Oňuşyksyzlyk döreden dördünji mesele ýomutlaryň Gürgendäki gozgalaňy döwründe ýüze çykdy. Atabaýew olara, türkmenleriň ýaragly goly bilen kömek bermegiň zerurlygy we olary özümüze birikdirmek barada mesele goýdy.” Biz MK-da “Bu baryp ýatan milletçilikli çemeleşme, meseläniň şeýle goýulmagyny buržuaz intillegensiýa Öwezbaýewler, Bekkiberdiýewler talap edýärler.” “Atabaýew! Sen olaryň ideologiýasyny goldaýarsyň.

Beýle etmek bolmaz, bu biziň partiýamyzyň prinsiplerine ters. Bu proletariýat diktaturasynyň bähbitlerine garşy gidýär” diýdik. Emma ýoldaş Atabaýew bolsa, “Ol nähili mähriban doganlarymyzy goramaga aýaga galmaly däl, biz hökmän kömek beräýmeli, türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatynyň pidasy bolmaly däldir” diýip teklip edýär.


Hojanepesde Türk ofiserleriniň türkmenlere harby
mekdep açyp, söweş endiklerini öwreden pursatlary
… Atabaýewiň partiýa garşy teklibini diňe onuň bilen Nedirbaý Aýtakow ikisi goldaýar… Gürgen gozgalaňynyň başynda ýoldaş Atabaýew köne ofiser Öwezbaýewi Daşkende çagyrdy we olary türkmenlere ýolbaşçylyk etmek üçin Gürgene ibermäge synanyşdy. 1924-nji ýylyň 15-nji maýynda Eýrandaky ildeşlerimiziň öz respublikalaryny döredendiklerini, Osman ahunyň oňa Prezidenti bolandygyny köpler bilýän däl bolsa gerek.
Emma Eýran hökümeti olaryň üstüne köp mukdarda jezalandyryjy goşun iberýär. Ildeşlerimiz tä 1927-nji ýyla çenli gazaply garşylyk urşy ýyllarynda Buhara emiriniň goşunlaryna tälim beren birnäçe türk ofiserleri we Han Ýomutskiniň ogly Läle Han olar üçin harby mekdep açyp, söweş endiklerini öwredýär.
Türkmen gozgalaňçylaryna ýardam eden türk ofiserleri Kadyr Efendi, Jemal Beý, Mehdi Efendi, Mustafa Beý, Hudaýar Efendi, Myrat Beý, Soltan Paşa dagydylar.
Şol söweşlerde jan teni bilen göreşenlerden Allaýar han, Nepes serdar, Annageldi Aç, Atahany, Läle han, Manjy Kör, Annamyrat han we beýleki serkerdeleri ýatlamak bolar.
XX asyryň birinji ýarymynda Eýran türkmenleriniň arasynda ine, şeýle wakalaryň ýüze çykmagy jemgyýetçilik aňynyň ösmeginiň fundamentini gurup başlaýar.
1913-nji ýylda başlanyp, 1945-nji ýyla çenli dowam eden Orta Aziýanyň umumy özgerişleri boýunça, türkmen halka (Intelligensiýasy) häzirki döwrüň täze başlanan kapitalistik ewolýusiýasynyň täsiri bilen buržuazlyk basgançaklaryna aýak basýarlar. Mysal üçin, şol döwürde Türkiýede çykýan “Mawera-il-Hazar” (“Kaspi deňziniň gündogar halky”) neşiri türkmenler üçin ýörite “Ýaş Türkistan” ady bilen Çokaý ogly Mustafanyň ýolbaşçylygynda gazýet çykaryp ýaýratýar.
Onuň täsiri öňde baryjy türkmenleri tolkundyrýar. Şol etraplarda halk azat edijilik hereketiniň öňdebaryjylaryndan: ikinji jahan urşundan öň – Osman Ahun (birinji ýolbaşçy) Allaýar han, Hajy Mämmet Paň, Musa han, Göki sopy, Gysyr Emen, Gylyç işan, Rejep Ahun, Arazgurban han, Imanguly Çükgän, Hojaniýaz han, Eziz Hoja, Esen han Kelte, Nepes Serdar, Annageldi Aç, Manjy Kör, Läle han, dagylary başda durupdyrlar.
Çeşme: Eýran Türkmenleriniň Medeniýetiniň Taryhy(XIX-XX aa.), Dissertasýa, Dr. Ownuk Hangeldi, Aşgabat – 1995. – Toronto — 2015.///
Çeşmeler: ……………..:
[1]. Eýran Türkmenleriniň Medeniýetiniň taryhy (XIX-XX aa.), dissertasion iş, H. Ownuk,… Aşgabat-1995
ýyl.
[2]. Hakykatyň talabyna görä aýdylan söz, belkem-de,
gedemiräk soz bolsyn welin, bolup geçen zady näderejede we haýsy edebiýatda aýdylmalydygyny
geljekde taýyn ediler!
3. Ol döwürde Eýranyň ýaragly Gard güýjüne “Gazzak” diyilipdir.
[4]. Kuwat aga asly Gumdagly. Ol 1910-njy
ýyllarda Eýrana (Hojanepese) göçüp gelýär. Ol hem şol döwürde Osman ahunyň
goşununa girýär. Tähran güç toplap Rza han Türkmensähra çozonundan soň, goşunyň
esli bölegi Türkmenistana gaçyp atýarlar welin Kuwat aganyň taýpadaşlaryndan
biri Rza hanyň gullugunda bolany üçin ony döwletden gorap öz ýakynlarynda
oturtyar. Men (şu setiriň ýazyjysy (Dr.H.O.) bu ýaşuly bilen goňşulukda
oturanym sebäpli olardan ýeterlik maglumat ýadymda bar. Kuwat aganyň bir dogany
Nurgeldi (Hojanepesde) we beýleki bir dogany Jangeldi (Gum Dagda) ýaşaýarlar.
Kuwat aganyň “Sary Kuat” diýlen bir ogly hem bardy. Men 1993-nji ýylda
Türkmenistanda Gum Dagdaky Jangeldi agalaryň öýlerine baryp maşgala ojaklary
bilen ýakyndan tanyş bolup, ol ýerde-de, gatnaşardym.(Dr.H.Ownuk)
[5]. Кадиров, Шохрат Ходжакович, от Исторический словарь,
Реклама

Добавить комментарий

Заполните поля или щелкните по значку, чтобы оставить свой комментарий:

Логотип WordPress.com

Для комментария используется ваша учётная запись WordPress.com. Выход / Изменить )

Фотография Twitter

Для комментария используется ваша учётная запись Twitter. Выход / Изменить )

Фотография Facebook

Для комментария используется ваша учётная запись Facebook. Выход / Изменить )

Google+ photo

Для комментария используется ваша учётная запись Google+. Выход / Изменить )

Connecting to %s